Türkmenabatdan Stambula ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

  • 13.01.2021 22:59
  • 35k+

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com saýty “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna salgylanyp habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ýörite uçar gatnawy 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda sagat 17:30-da göz öňünde tutulýar.
Uçar gatnawy barada soraglar bilen “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna (Atatürk köçesi 82, A7-A8 otagy/ “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Tel: 861 01 44 33) ýüz tutmak bolar.

düýn 23:46
728

YouTube-da indi ulanyjylar gören wideolary barada ýyllyk hasabat bilen tanşyp biler

YouTube öz taryhynda ilkinji gezek şahsylaşdyrylan ýyllyk hasabaty döretdi. Ol ulanyjynyň bir ýylyň dowamynda tomaşa eden wideolaryny görkezýär. Ozal YouTube Music-de Recap aýdym-saz statistikasy bardy, indi bolsa kontentiň ähli görnüşleri üçin umumy YouTube Recap peýda boldy...

düýn 15:53
1k+

Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy

Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy...

düýn 15:46
2.7k+

Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy

Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi. Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi...

düýn 15:43
1.7k+

Rolling Stone ýylyň iň gowy 20 filmini aýtdy: birinji orunda – «Bir söweşden soň beýleki»

Abraýly Rolling Stone neşiri 2025-nji ýylda prokata çykan iň gowy 20 filmiň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny režissýor Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) dramasy eýeledi. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio, Şon Penn, Çeýz Infiniti, Benisio del Toro we Teýýana Teýlor ýerine ýetirdi...