BSGG koronawirusy ýeňmäge päsgel berýän zady aýtdy

  • 12.01.2021 12:11
  • 26k+

Koronawirus barada nädogry maglumatlaryň we konspirologik (dildüwşükli) nazaryýetleriň sosial ulgamlarda ýaýramagy pandemiýany ýeňmäge päsgel berýär. Bu barada ýaýlymy Twitterde elýeterli bolan brifingiň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) adatdan daşary ýagdaýlar boýunça maksatnamasynyň müdiri Maýkl Raýan aýdýar diýip, TASS habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu faktor guramanyň hünärmenleriniň arasynda biynjalyklyga getirýär.

“Örän kiçi bir toparyň syýasy ýa-da ideologiki maksatlary häzir dünýäde COVID-19-a gözegçiligi ele almak üçin amala aşyrylýan möhüm prosesi bozmaga we bökdemäge gönükdirilen serişde hökmünde sosial KHBS-de ýaýradylýar” – diýip, Raýan belleýär.

Ol BSGG-niň hünärmenleriniň tas iki million adamyň ölümine sebäp bolan wirusy saklamaga synanyşýandygyny ýatladyp, COVID-19 bilen göreşýänler üçin konspirologik teoriýalaryň gerek däldigini belledi.
BSGG-niň maksatnamasynyň müdiri ilaty bu wirusyň hakykylygyna ynanmazlyga iterýän pandemiýa baradaky galplyklaryň ýaýramagyna nägilelik bildirdi. Ol sosial medialaryň jemgyýet tarapyndan köp sanly meseleleriň çözülmegi üçin uly güýje eýedigini, şeýle-de bolsa, adamzadyň “başgalara” bu platformany ýok etmäge ýol bermeli däldigini aýtdy.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......