Dünýäniň iň baý adamsy Marsa göçmek isleýär

  • 10.01.2021 21:55
  • 35k+

Ilon Mask başga bir planetada şäher gurmak üçin ep-esli maýa goýumyň gerekdigini düşündirdi. Bu-da onuň emläklerini satmaga mejbur bolmagynyň sebäplerinden biridir. Ýene bir sebäp - Maskyň Marsa gezek gelende näderejede tutanýerlidigini görkezmek islegi. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

"Mende, maliýe nukdaýnazaryndan alanyňda, kompaniýalardaky paýnamalardan başga hiç zat galmaz. Iş ýerinde dartgynly ýagdaý dowam edende, zawodda ýa-da ofisde ýatanymy gowy görýärin. Elbetde, çagalaryň bar ýerinde nähilidir bir ýaşamaga ýer gerek. Ýöne men ony kireýine alaryn ýa-da başga ýoluny taparyn" diýip, Mask Business Insider bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.

Teslanyň aksiýasynyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde, Maskyň baýlygynyň 200 milliard dollardan geçendigi mälim boldy. Netijede, ol soňky üç ýylda bu ady eýeläp gelen Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan öňe geçip, dünýäniň iň baý adamy boldy.
2020-nji ýylyň ahyrynda Mask Marsda ýaşamak üçin Ýere bagly bolmadyk özbaşdak şäher gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Ol 2050-nji ýyla çenli Marsa bir million adam ibermegi meýilleşdirýär.

 

düýn 23:22
324

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......