“Mortal Kombat” filminiň goýberiljek senesi mälim edildi

  • 10.01.2021 20:15
  • 11k+

Rowaýata öwrülen söweş oýny Mortal Kombatyň esasynda täze filmiň surata düşürilýändigi 2019-njy ýylda belli boldy. Soň onuň 2021-nji ýylda çykjakdygy habar edildi, ýöne takyk senäni welin hiç kim aýdyp bilmändi. Indi “Mortal Kombat 2021”-e bagyşlanan hem-de çykjak senesi görkezilen ilkinji bildiriş torda peýda boldy. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Şeýlelik bilen, "Warner Bros." kinostudiýasynyň bildirişine görä, täze "Mortal Kombat" şu ýylyň aprel aýynyň 16-synda çykar. Çeşmäniň habaryna görä, filmi döredijiler çykan badyna onuň hem kinoteatrlarda, hem HBO MAX-da görkeziljekdigini tassyklaýarlar.
Bu filmdäki Soni Bleýdiň roly Jessika MakNemi, Lýu Kangyň roly Lýudi Lin, Kanonyň roly bolsa Joş Lawson tarapyndan ýerine ýetiriler. Filme Saýmon Makkuoýd režissýorlyk etdi.
Ýeri gelende bellesek, bu film 1995-nji ýylda çykan adybir filmiň täzeden goýberilişi hasaplanylýar.

düýn 17:42
1.6k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

düýn 17:28
1.5k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...

düýn 12:00
2.3k+

“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar...

düýn 11:54
1.9k+

Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi

Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi...