Samsung 200 megapikselli smartfon kamerasyny çykarar

  • 10.01.2021 08:18
  • 16k+

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 200 megapiksel durulykly smartfonlar üçin şekil datçiklerini hödürlemäge taýýarlanýar. Bu barada şenbe güni riafan.ru habar berdi.

Rekord ölçegli datçikleriň döredilendigini meşhur tor habarçysy Ice Universe habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, “Samsung” innowasiýa kameralaryny eýýäm şu ýyl tanyşdyrar we olary ilkinji smartfonlaryna ornaşdyrar.
100 megapiksel diýlip atlandyrylýan megapiksel datçiginiň 108 durulykda bolşy ýaly, täze kameralaryň hem 200 megapiksel däl-de, 216 durulykda bolmagy ähtimal. Ultra ýokary ölçegli datçikler, smartfonlardan başga-da, maşyn görüş ulgamlarynda, awtoulag öz-özüňi dolandyryş toplumlarynda, dronlarda we beýleki enjamlarda hem ulanylyp bilner.
Mundan ozal "Samsung" tehnologiýadaky ýene bir öňegidişligini - telewizorlaryň Gün energiýasy bilen işleýän uzakdan dolandyryjysyny tanyşdyrypdy.

şu gün 00:17
521

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......