Twitter Donald Trampyň hasabyny hemişelik petikledi

  • 09.01.2021 23:47
  • 13k+

Twitter sosial ulgamy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şahsy hasabyny gyssagly we hemişelik petikländigini habar berdi. Ol zorlugy taryplamagy gadagan edýän düzgünleri bozmakda we mundan beýläk öjükdirmek töwekgelçiliginde günäkärlenýär. Bu barada kommersant.ru habar berdi.

Kompaniýanyň habaryna görä, hasaby petiklemek karary "ABŞ-da dowam edýän dartgynlyk" we 6-njy ýanwarda Kongresiň binasyna hüjüm edilmegi bilen baglanyşykly "global çekişme" sebäpli kabul edildi. Twitter wagtlaýyn gadaganlygy gutaraly bäri jenap Tramp tarapyndan ýazylan iki ýazgynyň seljerilendigini aýtdy. Olaryň birinde Tramp özüne ses beren "amerikaly watançylarynyň" "geljekde uly ses aljakdygyny" aýtdy, ikinjisinde bolsa Prezident saýlanan Jo Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi.
Kompaniýa bu iki ýazgyda aýdylýan zatlaryň düzgüni bozýandygyny belleýär we @realDonaldTramp ulanyjysynyň hereketleriniň haýal etmän we hemişelik togtadylmaly diýip kesgitlenendigini nygtaýar.

şu gün 15:39
486

Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär...

şu gün 15:24
440

Türkmen heýkeltaraşy Babasary Annamyradowyň we Abat Muhadowanyň şahsy kolleksiýasy görkezildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň we onuň ýanýoldaşy, sungaty öwreniji Abat Muhadowanyň maşgala kolleksiýasyndan ybarat sungat eserleriniň sergisi geçirildi...

şu gün 15:03
788

Efiopiýada Lýusi bilen döwürdeş 600 kg agramly äpet krokodil tapyldy

Paleontologlar mundan 3 million ýyl ozal Gündogar Afrikada ýaşan we gadymy adamlary awlan bolmagy juda ähtimal äpet krokodiliň täze görnüşini anykladylar. Bu görnüşe «Lýusiniň awçysy» diýen manyny berýän Crocodylus lucivenator diýlip at berildi...

şu gün 12:47
2.3k+

Gazagystanly mugallym iki barmakda asylyp durmak boýunça rekord goýdy

Gazagystanyň Petropawlowsk şäherinden bedenterbiýe mugallymy Anatoliý Wiselskiý diňe iki barmagynda 2 minut 7,45 sekunt asylyp durmak arkaly dünýä rekordyny täzeledi. Tengri Sport neşiriniň habar bermegine görä, bu ajaýyp netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...