2021-nji ýyl soňky 50 ýylyň içinde iň gysga ýyl bolar

  • 06.01.2021 22:53
  • 24k+

Ýeriň aýlanyş tizligi soňky birnäçe ýylyň içinde gaty ýokarlandy we şonuň netijesinde 2021-nji ýyl soňky 50 ýylyň içinde iň gysga ýyl bolar. Bu barada www.teleport2001.ru belläp geçýär.

Ýerdäki her bir günüň dowamlylygy atom sagady oýlanyp tapylany bäri millisekunt derejesinde hasaba alynýar, olar 24 sagady takyk ölçeýärler. Ýöne hut şu takyklyk sebäpli, Ýeriň wagty hemişe Gün wagtyna laýyk gelmeýär, sebäbi Ýeriň aýlanyş tizligi haýallaýar. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, Ýer ýüzünde bir gün sagadyň görkezişinden bir sekunt uzak dowam edýär. Bütindünýä koordinirlenen wagty ortaça Gün wagty UT1 bilen utgaşdyrmak üçin Ýerdäki ýylyň dowamlylygyna, takmynan, birnäçe ýylda bir gezek 1 sekunt “el bilen” goşulýar.
Alymlar soňky onýyllyklaryň dowamynda jemi 27 “goşmaça sekundy” goşmaly boldular. Ýöne ähli zat 2020-nji ýylyň ortalarynda üýtgedi, häzir günler adatdakysyndan 86 400 sekunt gysgadyr. Soňky 12 aýda gysga günleriň rekordy 28 gezek täzelendi.
Şonuň üçin, günleriň dowamlylygy ortaça “dogry” 24 sagatdan 0,5 sekunt azdyr. Alymlar hemralaryň we beýleki kosmos tehnikalarynyň datçiklerini hakyky Gün wagty bilen deňleşdirmek üçin goşmaça “otrisatel sekundy” goşmaga mejbur bolýarlar.

düýn 22:03
1.1k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

düýn 19:50
1.3k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

düýn 19:23
2.5k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......