GFFN: Markinýos Fransiýada 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy

  • 02.01.2021 18:42
  • 5.7k+

Get French Football News web-saýty, her ýyl adat bolşy ýaly, GFFN 100 reýtingini tanyşdyrdy. Onda Fransiýada möwsümiň iň gowy 100 oýunçysy görkezilýär. Bu barada m.sports.ru habar berýär.

2020-nji ýylyň jemleri boýunça sanawda ilkinji orny "Pari Sen-Žermeniň" goragçysy Markinýos eýeledi. Ol 2020-nji ýylda fransuz futbolynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Markinýos sanawda geçen ýyl ilkinji orunlara mynasyp bolan topardaş hüjümçileri Neýmar (2-nji orun) bilen Kilian Mbappeden (3-nji orun) öňe geçmegi başardy.
4-nji orny "PSŽ-niň" ýarymgoragçysy Anhel Di Mariýa eýeledi. 5-nji setirde "Monakonyň" hüjümçisi Wissam Ben-Ýedder ýerleşdi.
Şeýle hem ilkinji onluga “Pari Sen-Žermeniň” derwezebany Keýlor Nawas (6-njy), “Lilliň” goragçysy Žoze Fonte (7-nji), “Renniň” ýarymgoragçysy Eduardo Kamawinga (8-nji), “Lilliň” ýarymgoragçysy Renatu Sançeş (9-njy) we bu toparyň derwezebany Maýk Menýan (10-njy) girdi.

şu gün 14:35
768

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

şu gün 07:49
2.3k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
4.9k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......