Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi

  • 28.12.2020 14:03
  • 40k+

Dynç güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelençde bolup, Asma ýola baryp gördi.

Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen Asma ýoluň ugry boýunça hereket edýän kabina mündüler. Onuň assalyk bilen herekete başlanmagy arkaly daş-töwerekde ajaýyp görnüşler açyldy. Köpetdagyň belent dag gerişlerine tarap uzaýan Asma ýoluň bu künjegiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik berýändigini bellemeli. Belentlikden görünýän ajaýyp şekiller ynsan ruhuny göterýär. Dörän mümkinçilikden netijeli peýdalanýan Kerim gyşyň ajaýyplyklaryny surata düşürdi.
Döwlet Baştutanymyz biziň howa şertlerimizde seýrek gabat gelýän şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, agtygy bilen ak gardan gar togalaklaryny ýasap hem-de olary birikdirip, adam keşbine meňzeş şekili döretdi.
Milli Liderimiziň agtygy Kerim gara örtülen belentlikleriň arasynda tebigatda geçirilen ajaýyp gün baradaky ýatlama hökmünde gar adamy surata düşürip başlady.
Asma ýoluň ähli işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

şu gün 17:28
435

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

şu gün 16:08
812

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

şu gün 14:43
776

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

şu gün 11:08
1.7k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......