“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi

  • 27.12.2020 16:08
  • 6.9k+

“European Car of the Year” bäsleşiginiň eminleri Ýewropanyň esasy awtomobil baýragyna dalaşgärleriň uzyn sanawyny neşir etdiler. Häzir sanawda 29 model bar, ýöne 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda olaryň sany ýedi awtomobile çenli azalar. Ýeňiji 1-nji martda yglan ediler. Bu barada motor.ru habar berýär.

Sanawa girmek üçin awtomobil täze ýa-da eýýäm satylyp başlanan bolmaly, ýa-da ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň azyndan bäş ýurdunda satuwa çykarylmaly. Uzyn sanawa Hyundai-Kia bileleşiginiň birbada dört modeli girdi: Hyundai i10, i20 we Tucson, Kia Sorento. Mercedes-Benz hem dört awtomobil bilen hödürlenilýär – GLA, GLB, GLS we S-Class.
Sanawa iki modelden BMW (4-Series we 2-Series Gran Coupe), Ford (Kuga we Explorer), Toyota (Yaris we Mirai), Seat (Cupra Formentor we Leon) we PSA bileleşigi (Peugeot 2008 we Citroen C4) girdi. Bulardan başga-da, dalaşgärleriň hatarynda Dacia Sandero, Audi A3, Fiat 500, Honda Jazz, Skoda Octavia, Land Rover Defender we VW Golf bar. Sanawda elektrokarlar hem bar – Volkswagen ID.3, Polestar 2, Mazda MX-30 we Honda e.
Şu ýylyň mart aýynda Ýewropanyň iň gowy awtomobili Peugeot 208 boldy, ondan öňki ýyl – Jaguar I-Pace.

16.04.2026 19:09
11k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....

16.04.2026 11:03
2k+

Tesla 9 ýyl öň söz beren Roadster elektrokaryny tanyşdyrmaga taýýarlanýar

Ilon Mask 2017-nji ýyldan bäri garaşylýan Tesla Roadster elektrokaryny ýene-de hemmäniň üns merkezine getirdi. Täzeligiň tanyşdyryş dabarasy aprel aýynyň ahyryna bolar. Ýöne gyzykly ýeri, bu gezek köpçüligiň......

16.04.2026 10:47
2.4k+

Ford kompaniýasynyň baş direktory seýrek De Tomaso Pantera sport awtoulagyny satuwa çykardy

Ford kompaniýasynyň baş direktory Jim Farley 1970-nji ýyllarda öndürilen De Tomaso Pantera sport awtoulagyny Bring a Trailer auksionynda 127 000 dollar bahadan satdy. Bu awtoulagyň özboluşlylygy - onuň......

15.04.2026 11:36
4k+

Şu ýyl boljak 6 uly premýera: BMW öz modelleriniň giň gerimli täzelenmesini taýýarlaýar

BMW 2026-njy ýylda alty täze modeli we täzelenmäni, şol sanda Neue Klasse platformasyndaky elektrik awtoulaglary we meşhur krossowerleriň täzelenen görnüşlerini hödürlär....