Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy

  • 26.12.2020 20:03
  • 16k+

Pandemiýa başlany bäri dünýäde saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy diýip, Forbes-e salgylanyp, rbc.ru ýetirýär. Olaryň baýlygy sanjym taýýarlaýan ýa-da lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edýän kompaniýalaryň paýnama bahasynyň ösmegi netijesinde ýokarlandy.

Neşiriň maglumatlaryna görä, pandemiýa döwründe baýan täze milliarderleriň arasynda şular bar:

Ugur Şahin – BioNtech nemes biotehnologik kompaniýasynyň baş müdiri. Pfizer amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ol 95% netije görkezen koronawirusa garşy sanjymy taýýarlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 160% ýokarlandy. Şonuň netijesinde Şahiniň baýlygy 4,2 milliard dollara ýetdi.
Stefan Bansel – Moderna amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy. Forbes Banseliň baýlygyny 4,1 milliard dollar bilen bahalandyrýar. Ýylyň başyndan bäri Moderna-nyň paýnama bahasy 550%-den gowrak ýokarlandy.
Hu Kun – Hytaýyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän Contec Medical Systems kompaniýasynyň ýolbaşçysy. Onuň baýlygy 3,9 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.
Karl Hansen – Kanadanyň AbCellera kompaniýasynyň ýolbaşçysy. Neşiriň hasabyna görä, onuň baýlygy 2,9 milliard dollara barabar.
Serjio Stewanato – dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýan aýna çüýşelerini öndüriji italýan kompaniýasy Stevanato Group-yň ýolbaşçysy. Neşir onuň baýlygyny 1,8 milliard dollar diýip belleýär.
2020-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde 2200-den gowrak milliarder 1,9 trillion dollar baýadylar diýip, Forbes habar berýär. Ähli milliarderleriň baýlygy jemi 11,4 trillion dollar bilen bahalandyrylýar.

düýn 15:42
4.5k+

Maskyň "içgysgynç" kompaniýasy transatlantik tuneli 1000 esse arzan gurmaga taýyn

The Metro öň 20 trillion dollara Atlantik ummanynyň aşagyndan tunel geçirmek pikiri barada habar beripdi. Şeýle tunel Nýu-Ýork bilen Londonyň arasyndaky ýola sarp edilýän wagty 8 sagatdan 54 minuta çenli azaltmaga...

22.12.2024 13:26
3.1k+

Huawei goşara dakylýan elektronikanyň dünýä bazarynda Apple-den öňe geçdi

Hytaýyň Huawei kompaniýasy şu ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça Apple-den öňe geçip, dünýäde goşara dakylýan elektronika bilen iň uly üpjün ediji boldy. Kompaniýa öz bazar paýyny 16,9%-e çenli artdyrdy. IDC-niň...

19.12.2024 14:09
2.4k+

Apple Hytaýdan daşlaşyp, Hindistanda AirPods-yň önümçiligini giňeldýär

Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleriniň önümçiliginiň bir bölegini Hytaýdan Hindistana geçirýär. Bu Hytaýyň üpjünçiligine garaşlylygy azaltmak strategiýasynyň bir bölegidir. Öň, kompaniýa iPhone smartfonlaryny...

18.12.2024 18:46
12k+

Mask 400 milliard dollardan soň sanaýmaly günüň içinde 500 milliarda golaýlady

Sişenbe güni NASDAQ biržasynda Teslanyň paýnamalarynyň bahasy 479,86 dollara ýetdi we bir günüň içinde 2,86% ýokarlandy. Kompaniýa soňky birnäçe günüň içinde birnäçe rekord goýdy. Bloomberg-iň habar bermegine görä...