Ýaponiýada dünýäde ilkinji sürüjisiz elektrik otlusy hereket edip başlady

Ýaponiýada dünýäde ilkinji sürüjisiz elektrik otlusy hereket edip başlady

Ýaponiýada dünýäde ilkinji sürüjisiz ýolagçy elektrik otlusy yzygider gatnawlara başlady. Ol Kýusýu adasyndaky Fukuoka şäherinde hereket edýär. Bu barada ren.tv habar berýär.

Otly geçelgelerde ýol yşyklarynyň öňünde durmak bilen, adaty ýollardan gatnaýar. Ýöne ilkibaşda otly kabinasynda ätiýaçlyk üçin sürüji bolar. Soň otlyny doly derejede sürüjisiz ýagdaýa geçirmek göz öňünde tutulýar. Elektrik otlusy, takmynan, 13 km giňişlikde hereket edip, bir günde 12 gatnawy amala aşyrar.
Ýaponiýada sürüjisiz otlularyň ornaşdyrylmagynyň sebäbi tehniki ösüşe çalt girişmek islegi däl-de, sürüjileriň ýetmezçilik etmegidir. Geljekde şeýle otlular Ýaponiýanyň ähli ýerinde hereket eder diýlip hasaplanylýar.
Ýurtda sürüjisiz otlular eýýäm gatnaýar, ýöne olary diňe adamlardan izolirlenen geçelgelerde ulanyp bolýar. Şeýle-de, Ýaponiýada öňdebaryjy awtoulag öndürijileri häzir sürüjisiz ýeňil ulaglaryň dürli modellerini işläp düzýärler.