BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz işini tamamlady

  • 22.12.2020 20:00
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy abraýly halkara guramasynyň wekiline Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekdäki alyp baran işleri üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Türkmenistanyň gazananlaryny belläp, taraplar Durnukly ösüş maksatlaryny uýgunlaşdyrmak ugrundaky tagallalary birleşdirmek hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça meselelere seretdiler.
Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Türkmenistanda birnäçe ýyllaryň dowamynda adam hukuklary, ekologiýa, durnukly ulag we beýleki ulgamlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada nygtalyp geçildi.

şu gün 17:28
990

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

şu gün 16:08
938

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

şu gün 14:43
886

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

şu gün 11:08
1.8k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......