Gamaleýa merkezi bilen AstraZeneca hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi

  • 22.12.2020 17:23
  • 6.9k+

Gamaleýa merkezi we AstraZeneca koronawirusa garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, RF-iň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow habar berdi. Muny INTERFAX.RU ýetirýär.

Taraplar adamlaryň koronawirusdan has durnukly we uzak möhletli goragy üçin Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy bilen AstraZeneca tarapyndan taýýarlanylan AZD1222 serişdesini bilelikde ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenjek iş we ylmy gatnaşyklaryny ösdürmek barada ylalaşdylar.

“Biziň iki esasy maksadymyz bar. Birinjisi, saglygy goraýyş pudagyndan hünärmenlere, lukmanlara we şepagat uýalaryna ýeňil düşer ýaly hem birinji, hem ikinji sanjym işi üçin iki sanjymyň islendik birini ulanmak mümkinçiligini bermekden ybarat. Ikinji maksat, mümkin boldugyndan netijeliligi ýokarlandyrmak. Iki sanjymy birleşdirip, immun ulgamynyň gyjyndyrylmagyny ýokarlandyrmak arkaly has uly netije gazanyp bolar” – diýip, AstraZeneca-nyň baş ýerine ýetiriji müdiri Paskal Sorio belledi.

Dekabr aýynyň başynda AstraZeneca sanjymynyň “Sputnik V” bilen utgaşdyrylmasynyň kliniki synaglaryny geçirmek isleýändigini habar berdi.
Kompaniýanyň habarynda AZD1222 (AstraZeneca bilen Oksford uniwersiteti tarapyndan bilelikde taýýarlanylan) we “Sputnik V” (Russiýanyň Gamaleýa merkezi tarapyndan taýýarlanylan) sanjymynyň bilelikde ulanylyşynyň howpsuzlygyna we immunogenligine baha bermek boýunça synaglaryň geçiriljekdigi nygtaldy.

düýn 18:05
1.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......