Lewandowskiý 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy boldy

  • 18.12.2020 15:26
  • 5.3k+

Mýunheniň «Bawariýasynyň» we Polşanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowskiý Halkara futbol federasiýasy tarapyndan 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Bu baýraga dalaşgärleriň hatarynda katalonlylaryň «Barselonasynyň» hüjümçisi Lionel Messi we Turiniň «Ýuwentusynyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hem bardy.
Lewandowskiý bu baýraga karýerasynda ilkinji gezek mynasyp bolmagy başardy.
2019/20 möwsümde ol «Bawariýanyň» düzüminde Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Super kubogynyň, Bundesliganyň, Germaniýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi bolmagy başardy.

şu gün 19:10
743

“Kristal Pelas” eýeçilik meselesi sebäpli Ýewropa ligasyna gatnaşmakdan mahrum edildi

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Londonyň “Kristal Pelas” klubuny onuň eýeçilik gurluşy bilen bagly bähbitleriň ters gelýändigi sebäpli, Ýewropa ligasyndan Konferensiýalar ligasyna düşürdi. Bu karar amerikaly telekeçi Jon Tekstoryň iňlis toparynda-da, Fransiýanyň “Lion” klubunda-da paýynyň bardygy bilen baglanyşykly kabul edildi...

şu gün 19:04
1.1k+

“Liwerpul” Diogu Žotanyň hatyrasyna 20-nji belgini hemişelik dolanyşykdan aýyrdy

“Liwerpul” futbol kluby toparyň aradan çykan hüjümçisi Diogu Žotanyň hatyrasyna 20-nji belgini dolanyşykdan aýyrýandygyny habar berdi. Bu barada klubuň saýtynda ýerleşdirilen resmi beýanda aýdylýar. “Bu onuň buýsanç we mertebe bilen göteren, köp sanly ýeňişlere getiren belgisidi...

şu gün 12:17
1.4k+

“Uimbldonyň” finalynda Alkaras bilen Sinner oýnar. Jokowiç soňky 8 ýylda ilkinji gezek finala çykmady

Ispaniýaly Karlos Alkaras bilen italiýaly Ýannik Sinner “Uimbldonyň” finalynda duşuşar. Ozal “Rolan Garrosyň” hem aýgytly oýnunda şeýle bolupdy. Alkaras üçin bu ýaryşyň yzygider üçünji finaly, Sinner üçin bolsa “Uimbldonyň” otly kortunda karýerasynda ilkinji bolar...

10.07.2025 20:55
7.3k+

UEFA klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyryna üýtgeşmeleri girizdi

2025/2026 möwsüminde UEFA-nyň klub ýaryşlarynda pleý-off tapgyryna degişli täze üýtgeşmeler güýje girer. AS neşiriniň habar bermegine görä, indi Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda öýdäki we myhmançylykdaky oýunlaryň geçiriliş tertibi bije çekişme arkaly däl-de, toparlaryň toparlaýyn tapgyryň umumy tablisasynda eýeleýän orunlary bilen kesgitlener...