Lewandowskiý 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy boldy

  • 18.12.2020 15:26
  • 5.7k+

Mýunheniň «Bawariýasynyň» we Polşanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowskiý Halkara futbol federasiýasy tarapyndan 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Bu baýraga dalaşgärleriň hatarynda katalonlylaryň «Barselonasynyň» hüjümçisi Lionel Messi we Turiniň «Ýuwentusynyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hem bardy.
Lewandowskiý bu baýraga karýerasynda ilkinji gezek mynasyp bolmagy başardy.
2019/20 möwsümde ol «Bawariýanyň» düzüminde Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Super kubogynyň, Bundesliganyň, Germaniýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi bolmagy başardy.

şu gün 15:58
1.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 14:40
1.2k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

şu gün 13:42
2.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....