Türkmenistan durnukly ösüş ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 16.12.2020 19:55
  • 3k+

16-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Bu mejlisde taraplar bar bolan hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekdäki ýetilen sepgitlere seretdiler. Türkmenistandaky ÝUNISEF-iň, BSG-niň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleriniň bilelikdäki işleriň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çykyşlary boldy.
Soňra Çarçuwaly maksatnamany geljek döwür üçin durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy. Esasy üns ony durmuşa geçirmegiň «Ýol kartasyny» işläp düzmeklige berildi. Gatnaşyjylaryň bu Maksatnamanyň dolandyryş mehanizminiň we durmuşa geçirilmeginiň, ony maliýeleşdirmegiň strategiýasyna, şeýle hem monitoring maksatnamasyna we işiň bahasyna çekildi.
Gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň serişdeleri mobilirlemekde Bilelikdäki strategiýalaryna, şeýle hem çarçuwaly Maksatnamany maliýeleşdirmekde hödürnamalary we teklipleri hem-de 2030-njy ýyl üçin milli derejede durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmek meselelere seretmek barada ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, ýolbaşçy komitetiň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi, onda bolsa agzalan Maksatnamany iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly işler beýan edilýär.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
914

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......