Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini 30% ýokarlandyrar – KHBS

  • 16.12.2020 05:24
  • 6.1k+

Apple 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 95 milliondan 96 milliona çenli iPhone öndürmegi meýilleşdirýär – bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanda tas 30% köpdür. Şeýlelik bilen, kompaniýa pandemiýa sebäpli 5G eýe bolan täze modellere ýokary islegi kanagatlandyrmak isleýär. Bu barada Apple üpjün edijileriniň arasynda gizlin çeşmelere salgylanyp, “Nikkei Asia” gazeti ýazýar. Muny rbc.ru ýetirýär.

Umuman alanyňda, indiki ýyl Apple önümçiligini 230 million smartfona ýetirip biler, bu 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 20% köpdür. Bu sana iPhone 12, iPhone 11 we iPhone SE hatarlarynyň modelleri girýär.

“Önümçiligiň göwrümi indiki iki çärýege meýilleşdirilýär, onuň geljegi örän gowy. iPhone 12 Pro we iPhone 12 Pro Max, biziň çak edişimizden has meşhur, iPhone 12-ä bolan isleg çaklamalara laýyk gelýär. Şol bir wagtyň özünde iPhone 12 mini garaşylýan netijäni bermedi” – diýip, gazete Apple-iň esasy üpjün edijileriniň biriniň ýerine ýetiriji müdiri gürrüň berdi.

düýn 23:22
170

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......