“Perziniň göçümi” Netflix-iň 2020-nji ýylda iň gowy serialy boldy

  • 15.12.2020 14:55
  • 6.4k+

Amerikanyň “Huffington Post” internet neşiri şu ýyl “Netflix” striming hyzmatynda peýda bolan iň oňat seriallaryň sanawyny düzdi. Bu barada csn-tv.ru habar berýär.

Reýtingiň birinji setirini Kentukki şäherinden gelen ýetim gyzyň küşt oýnuny özleşdirmäge synanyşýan wakalaryny beýan edýän "Perziniň göçümi" atly drama filmi eýeledi. Filmiň tomaşaçylardan we tankytçylardan ýokary baha gazanyp, 2020-nji ýylyň dowamynda meşhurlyga eýe bolup gelendigi bellenildi. Filmiň 1983-nji ýylda ýazylan adybir romanyň esasynda döredilendigi mälimdir.
Sanawda ikinji orunda Pendleton Uordyň “Midnight Gospel” animasion ekzistensial komediýasy, üçünji orunda bruklinli hasid jemgyýetinden Berline gaçyp giden bir aýalyň terjimehalyna esaslanýan nemes-amerikan kiçi serialy "Unorthodox" ýerleşdi. Reýtingiň dördünji setirinde "BoJekiň aty" animasiýa filmi, bäşinjide iňlis şa zenany Ýelizaweta II-niň hökümdarlyk eden döwründen söz açýan taryhy "Täç" dramasy ýerleşdi.
Reýtingiň çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen taslamalary öz içine almaýandygyny ýatladýarys.

05.06.2026 13:07
4.2k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....