OPPO üç eplenýän smartfony hödürledi

  • 14.12.2020 23:36
  • 12k+

OPPO kompaniýasy üç gezek eplenip bilýän smartfonuň taslamasyny hödürledi. Bu gurluşlaryň geljekde nähili bolup biljekdiginiň nusgasydyr. Taslamany taýýarlamaga Ýaponiýanyň Nendo dizaýn studiýasy hem gatnaşdy. OPPO wekilleri täze önümi “telefon-slaýder” diýip atlandyrýarlar. Bu barada itzine.ru habar berýär.

Smartfonuň birinji bölegi diagonaly 1,5 dýuým bolan displeýe eýe, ol jaňlary, aýdym-sazlary dolandyrmaga we dürli bildirişleri görmäge mümkinçilik berýär. Ekranyň birinji we ikinji bölegi surata hem-de wideo düşürmäge, şeýle-de smartfony oýunlar üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Displeýiň diagonaly 3,15 dýuýma deň.
Smartfon doly açylanda doly derejede işleýän 7 dýuým gurluşa öwrülýär. Ekran keseleýin albom görnüşinde hödürlenilýär.
Şeýle hem, smartfon stilusy (ruçka) göterýär, munuň üçin korpusda ýörite ýer bar. Munuň diňe taslama bolandygy sebäpli gurluşyň galan häsiýetleri heniz belli däl. Ýöne neşir edilen suratlara görä, onda frontal kameranyň ýokdugy anyk görünýär. OPPO-nyň bu “slaýd-telefonunyň” dizaýny örän üýtgeşik we haýran galdyryjy, ýöne resmi tanyşdyrylyşyň senesi, onuň geçiriljekdigi ýa-da däldigi häzirlikçe habar berlenok.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......