Ýaponiýa 2020-nji ýylyň nyşany bolan ieroglifi saýlady

  • 14.12.2020 23:25
  • 4.1k+

Ýaponiýada adat boýunça geçip barýan ýylyň nyşany bolan ieroglif saýlandy, 2020-nji ýylda bu “ýakyn” manysyny aňladýan “misu” nyşany boldy. Bu barada ren.tv habar berýär.

Bu saýlama koronawirus pandemiýasy döwründe üç maslahat, ýagny adamlaryň üýşmeginden, dar ýerlerden, ýakyn aragatnaşyklardan gaça durmak bilen baglanyşyklydyr. Adat boýunça her ýylky ieroglif Kioto şäherindäki “Kiýomidzu-dera” budda ybadathanasynyň baş ruhanysy tarapyndan uly çotga we syýa bilen kagyzyň üstünde çekilýär.
Saýlanan ieroglifiň “ýakyn”, “dykyz” ýa-da “gizlin” ýaly manylary bar. Ýaponiýada pandemiýa bilen göreşiň dowamynda başynda “ýakyn” manyly ieroglif bolan “üç misu” (“sanmisu” ýa-da “misu-no misu”) aňlatmasy ýörgünli boldy.
Ýaponiýada ýazuw görnüşinde ýaponlaryň entek öz ýazuw dili ýok wagtynda alan hytaý ieroglifleri ulanylýar. Hytaýdan ieroglifler Koreýa we Wýetnama hem baryp ýetdi, emma wagtyň geçmegi bilen ondan ýüz öwrüldi.
Ieroglifler – geçip barýan ýyllaryň nyşanlary Ýaponiýada 1995-nji ýyldan bäri saýlanýar, bu däp Hytaýda hem bar. Ýatlap geçsek, adaty milli pikir soraşmanyň netijesinde “tertiplilik”, “sazlaşyk”, “buýruk”, “gözellik” manylaryny aňladýan “reý” ieroglifi Ýaponiýada 2019-njy ýylyň nyşany boldy.

şu gün 00:03
660

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......