ÝUNISEF we Türkmenistan 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamalaryna gol çekdi

  • 10.12.2020 14:53
  • 11k+

9-njy dekabrda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň milli parlament hem-de ýurdumyzyň hukuk düzümleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Mejlisiň hem-de ÝUNISEF-niň gol çeken 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy çagalaryň hukugyny kanunçylyk taýdan, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyklykda, goldamak hem-de durmuşa geçirmek ýaly möhüm ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilendir.
ÝUNISEF-niň Içeri işler ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen gol çeken iş meýilnamalary çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak boýunça gatnaşyklary berkitmäge, şunuň ýaly-da, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň hem-de ÝUNISEF-niň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt maksatnamasyna we çaganyň hukuklary boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereket etmegiň milli meýilnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi.

şu gün 15:52
2.6k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....