DÇ-2022-niň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi

  • 08.12.2020 17:04
  • 8.7k+

2022-nji ýylda geçiriljek geçiriljek Dünýä çempionatynyň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi. Häzirki dünýä çempiony fransuzlar öz toparçasynda Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, şeýle hem Gazagystan bilen oýnar.

Bije çekilişigiň doly netijeleri şeýle:
A toparça: Portugaliýa, Serbiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Azerbaýjan.
B toparça: Ispaniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Gruziýa, Kosowa.
C toparça: Italiýa, Şweýsariýa, Demirgazyk Irlandiýa, Bolgariýa, Litwa.
D toparça: Fransiýa, Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, Gazagystan.
E toparça: Belgiýa, Uels, Çehiýa, Belarus, Estoniýa.
F toparça : Daniýa, Awstriýa, Şotlandiýa, Ysraýyl, Farer adalary, Moldowa.
G toparça: Gollandiýa, Türkiýe, Norwegiýa, Çernogoriýa, Latwiýa, Gibraltar.
H toparça: Horwatiýa, Slowakiýa, Russiýa, Sloweniýa, Kipr, Malta.
I toparça: Angliýa, Polşa, Wengriýa, Albaniýa, Andorra, San Marino.
J toparça: Germaniýa, Rumyniýa, Islandiýa, Makedoniýa, Ermenistan, Lihtenşteýn.

Toparçalaryň ýeňijileri 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna gönüden-göni gatnaşarlar, ikinji orny eýelän toparlar indiki saýlama tapgyryna çykarlar.
2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň final oýunlary 21-nji noýabrdan 8-nji dekabr aralygynda Katarda geçiriler.

düýn 12:52
6.1k+

Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji oýunlary geçirildi. Olardan ikisi garaşylmadyk netije bilen tamamlandy: “Çelsi” “Barselonanyň” derwezesine jogapsyz üç gol geçirdi, “Mançester Siti” bolsa öýünde Lewerkuzeniň “Baýerinden” utuldy...

düýn 10:39
3.3k+

9 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç: Türkmen karateçileri Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň milli ýygyndysy adaty karate boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryş 2025-nji ýylyň 15–25-nji noýabry aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirildi. Türkmen türgenleri jemi 18 medala: 9 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular...

düýn 09:37
3.6k+

Çimaýew Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew BAE-den Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Indi ol klubuň ýaşlar akademiýasynyň höweslendiriji we bilim maksatnamalaryna gatnaşar...

25.11.2025 17:28
4k+

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu ajaýyp waka Isa-Taun şäherindäki...