Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy

  • 26.11.2025 12:52
  • 8.4k+

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji oýunlary geçirildi. Olardan ikisi garaşylmadyk netije bilen tamamlandy: “Çelsi” “Barselonanyň” derwezesine jogapsyz üç gol geçirdi, “Mançester Siti” bolsa öýünde Lewerkuzeniň “Baýerinden” utuldy.

“Çelsi” – “Barselona” 3:0
“Barselona” oýna dogumly başlady: Ferran Torres hasaby açyp bilerdi, ýöne top ştanganyň deňinden geçdi. Birnäçe garşylyklaýyn hüjümlerden soň birinji ýarymyň ortasyna çenli “Çelsi” oýnuň gidişini öz eline alyp, duşuşygyň 27-nji minutynda birinji goluny belledi – top Žýul Kundeniň tötänleýin degmeginden soň çyzygy kesip geçdi.
Arakesmeden öň Ronald Arauho ikinji sary duýduryşyny aldy, şondan soň “Çelsi” işjeňligini gowşatman, hasaby uly ýeňşe ýetirdi. Ikinji goly 55-nji minutda braziliýaly Estewao girizdi. Gutarnykly hasaby 73-nji minutda Liam Delap kesgitledi.

“Mançester Siti” – Lewerkuzeniň “Baýeri” 0:2
“Baýer” häzirki Çempionlar ligasynda “ManSitini” ilkinji ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýeleri hasaby ilkinji bolup açyp bilerdi, ýöne “Baýeriň” derwezebany Mark Flekken Natan Akeniň howply urgusyndan halas etdi.
Myhmanlar ilkibaşda basyşa çydady, soňra birinji ýarymyň ortalarynda Alehandro Grimaldo jerime meýdançasyndan gol geçirdi. Ikinji ýarymda “Baýer” ýene-de hüjümden peýdalandy we Patrik Şik kelle bilen gol girizdi.

Galan oýunlaryň netijeleri:

  • ·Dortmundyň “Borussiýasy” – “Wilýarreal” 4:0
  • ·“Aýaks” – “Benfika” 0:2
  • ·“Galatasaraý” – “Ýunion” 0:1
  • ·“Budýo-Glimt” – “Ýuwentus” 2:3
  • ·“Olimpik” Marsel – “Nýukasl Ýunaýted” 2:1
  • ·“Slawiýa” – “Atletik” 0:0
  • ·“Napoli” – “Karabah” 2:0

Tapgyryň galan oýunlary çarşenbeden penşenbä geçilýän gije bolar (eger başga wagt görkezilmedik bolsa, başlaýan wagty Aşgabat boýunça gije 1:00)

  • ·“Kopengagen” – “Kaýrat” (22:45)
  • ·“Pafos” – “Monako” 22:45
  • ·“Arsenal” – “Bawariýa”
  • ·“Atletiko” – “Inter”
  • ·“Aýntraht” – “Atalanta”
  • ·“Liwerpul” – “PSW” Eýndhowen
  • ·“Olimpiakos” – “Real”
  • ·“Pari Sen-Žermen” – “Tottenhem”
  • ·“Sporting” – “Brýugge”

şu gün 15:42
3.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
11k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.7k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......