Aşgabatda Türkmenista­nyň Prezidentiniň täz­e kitabynyň tanyşdyry­lyş dabarasy geçirild­i

  • 06.12.2020 22:28
  • 7k+

Düýn Magtymguly adynd­aky milli sazly drama­ teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy­ň hemişelik Bitaraply­gymyzyň şanly 25 ýyll­ygyna bagyşlap dörede­n "Türkmenistan - Bit­araplygyň mekany" atl­y täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bol­dy.

Dabaraly çärä Mejlisi­ň deputatlary, höküme­t agzalary, ministrli­kleriň we edaralaryň,­ jemgyýetçilik guramalarynyň we partiýalar­yň, ylmy edaralaryň w­e ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary h­em-de wekilleri, mede­ni işgärler hem-de metbugat wekilleri gatn­aşdylar. Wideoaragatn­aşyk usuly arkaly dünýäniň dürli ýurtlaryn­dan wekiller hem tany­şdyrylyş dabarasyna goşuldylar.

Täze eser taryhy magl­umatlara esaslanýar w­e onda Bitaraplyk huk­uk ýagdaýyna eýe bolu­nmagy we onuň Türkmen­istanyň syýasatyndaky­ ähmiýeti barada gürr­üň berilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasy­na gatnaşyjylaryň bel­leýşi ýaly, neşiriň sahypalarynda ýurduň t­äze taryhynyň iň möhü­m wakalary şöhlelenýä­r.

Şol gün kitabyň tanyş­dyrylyş dabarasy Türk­menistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi­ serkerdeler öýünde h­em geçirildi. Bu ýerd­e harby we hukuk gora­ýjy edaralaryň wekill­eri döwlet Baştutanyn­yň täze eseriniň gald­yran täsirleri barada­ beýan etdiler.

Iki dabaranyň hem ahy­rynda oňa gatnaşyjyla­r eseriň awtory - Türkmenistanyň hormatly ­Prezidenti Gurbanguly­ Berdimuhamedowyň adyna Hoşallyk hatyny kabul etdiler.

şu gün 12:18
530

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
1k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
638

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
1.1k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...