«Türkmenpoçta» PÝGG bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

  • 04.12.2020 21:18
  • 17k+

"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär.

Ýakyn geljekde kompaniýa awtoulag eýeleri üçin poçta bölümlerinde diňe bir jerimeleri däl, eýsem, awtoulaglary hasaba almak, sürüjilik synaglary, tehniki gözden geçirme we ş.m. bilen baglanyşykly beýleki töleg görnüşlerini hem töläp biler ýaly mümkinçilik döretmegi meýilleşdirýär.
Mundan öň, bu kompaniýa Türkmenistanyň polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugy tarapyndan salnan jerimeleri öýe eltip berme hyzmatyny gurapdy. Indi raýatlar olaryň tölegini "Türkmenpoçtanyň" ofislerinde töläp bilerler.
Kompaniýanyň täzelenen saýtynda şahsy otag hem peýda boldy. Bellige alnanyňdan soň, ol ýerde jerime barada maglumat alyp, bank karty arkaly tölegi amala aşyryp bolýar. Munuň üçin jerimäniň kararynyň belgisini, awtoulag belgisini, eýesiniň doly adyny, telefon belgisini we töleg mukdaryny görkezýän teklip edilýän formaty doldurmak ýeterlikdir. Tölegiň habarnamasy SMS habary hökmünde telefonyňyza iberilýär.
Şeýle hem “Türkmenpoçta” durmuş we aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri üçin töleg hyzmatlaryny hödürlemegi meýilleşdirýär.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......