Eýran koronawirusa garşy sanjymy öndürmek üçin birnäçe ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýär

  • 28.11.2020 15:37
  • 6.9k+

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilimi ministriniň orunbasary Iraj Harirçi Eýranyň birnäçe ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda täze görnüşli koronawirusa garşy sanjymy öndürmek boýunça ilkinji ädimleri ädendigini aýtdy. Bu barada IRNA agentligine salgylanmak bilen Trend habar berýär.

“Häzirki wagtda biz ýurdumyzda koronawirusa garşy sanjymy taýýarlaýarys, şol sanjymlaryň dördüsi soňky günlerde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna hödürlendi, şonuň üçin olar eýran barlag geçirijileriniň we alymlarynyň ösüşine geň galýarlar” – diýip, ol aýtdy.

“Eýranda koronawirusa garşy sanjymy döretmek üçin zerur çäreler görülýär, ýakyn hepdelerde sanjym adamlarda synalyp görler we bu tapgyrdan soňra indiki tapgyra geçer” – diýip, ol belledi.

şu gün 17:33
303

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...

şu gün 10:34
1.5k+

Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir...

06.07.2025 20:51
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy...

06.07.2025 20:34
8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B...