Türkmenistan Owganystanda 500 adamlyk metjit gurdy

  • 24.11.2020 22:40
  • 9.8k+

Ýakyn wagtda türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanda gurlan 500 adamlyk metjit açylyp ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Akina şäherçesindäki bu desganyň gurluşygy 2018-nji ýylyň noýabrynda başlanypdy. Gurluşyk işlerini ýurdumyzyň Mazari-Şerifdäki konsullygynyň buýurmasy boýunça Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO owgan kompaniýalary amala aşyrdy.
Bellenilişi ýaly, şunuň bilen birlikde Türkmenistan Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda çaga dogrulýan öýi gurup ulanmaga berdi.

düýn 19:22
1.1k+

EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy...

düýn 19:19
2.9k+

“Muzeýdäki gije” komediýasy täze wakalar we gahrymanlar bilen täzeden düşüriler

20th Century studiýasy meşhur “Muzeýdäki gije” (Ночь в музее) franşizasyny täzeden başlamagyň üstünde işleýär. Täze komediýanyň çykjak senesi heniz belli däl diýip, Variety ýazýar. Sýužet hem gizlin saklanýar, ýöne wakanyň gije eksponatlaryň janlanýan şol bir muzeýinde bolup geçjekdigi belli...

düýn 19:17
942

YouTube EA tarapyndan döredilen kontentiň üsti bilen gazanç etmegi çäklendirer

15-nji iýuldan YouTube emeli aňyň kömegi bilen döredilýän kontentden girdeji gazanmak mümkinçiligini çäklendirmek üçin hyzmatdaşlyk programmasynyň düzgünlerini täzelär. Bu barada kompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp, TechCrunch neşiri ýazýar...

düýn 19:15
1.2k+

Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär...