Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň ösüşine goşandy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

  • 24.11.2020 16:35
  • 7.2k+

23-nji noýabrda Owganystan boýunça maslahatyň çäklerinde onlaýn görnüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Döwlet we hökümet, şeýle-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons we beýleki köpsanly ýokary derejeli wekiller çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy we saklanylmagy, şol sanda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Öz çykyşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüş meselesinde sebitleýin hyzmatdaşlyk meselesini, şeýle-de durmuşa geçirilýän iri göwrümli ykdysady taslamalaryň çarçuwasynda Aziýa yklymynyň ösüş mümkinçilikleriniň aýratyn ähmiýetini nygtady. Ol howpsuzlyk, şeýle-de inklýuziw ýol kartasynyň işlenilip düzülmeginiň meselelerine hem aýratyn üns berdi. Prezident iş ýüzünde utgaşykly özara hereketler arkaly ýol, ulag, kommunikasiýa we energetika infrastrukturasynyň dikeldilmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdi. Hususan-da, OYR-nyň ýolbaşçysy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşmeginde berýän saldamly goşandy babatynda Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Aýratyn hem owgan halkynyň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň berýän ýardamy aýratyn bellenilip geçildi. 

düýn 22:54
559

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.2k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......