14 ýaşyndaky hytaýly mekdep okuwçysy dünýäniň iň uzyn ýetginjegi boldy

  • 23.11.2020 23:44
  • 35k+

Hytaýly 14 ýaşly mekdep okuwçysy Ren Keýu dünýäniň iň uzyn boýly ýetginjegi hökmünde ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň boýunyň 221 santimetre ýetýändigi bellendi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasyna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

Oktýabr aýynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýanyndaky komitetiň wekilleri ýetginjegiň dik duran we ýatan ýagdaýyndaky boýuny birnäçe gezek ölçediler.
Sýaoýuý lakamyny alan Ren Keýunyň şeýle uzyn boýunyň haýsydyr bir kesel sebäpli ýüze çykmaýandygy bellärliklidir. Oglanyň özi bu aýratynlygynyň genetika bilen baglanyşyklydygyna ynanýar.
Ren boýunyň şeýle uzyndygy üçin bir azajyk aladalanýar. Şol bir wagtyň özünde ol gowy okuwçy we örän köp okaýar. Ol boş wagtlary, esasan, wideo oýunlaryny oýnaýar we kiber sportçy bolmagy arzuw edýär.

düýn 23:58
1.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
11k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.6k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....