AstraZeneca-nyň koronawirusa garşy sanjymy 70% netije görkezdi

AstraZeneca-nyň koronawirusa garşy sanjymy 70% netije görkezdi

AstraZeneca kompaniýasy hem-de Oksford uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylan AZD1222 sanjymy koronawirusdan goranmakda 70% ortaça netijeliligi görkezdi diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Muny vedomosti.ru ýetirýär.

Sanjymyň dozasynyň bir görnüşiniň täsirliligi 90%, ikinji görnüşiň täsirliligi 62% boldy. Birinji ýagdaýda meýletinçilere sanjym dozasynyň ýarysy, bir aýdan soň doly dozasy goýberildi, ikinji görnüşde azyndan bir aý aralyk bilen derman serişdesiniň iki doly dozasy goýberildi. Kompaniýa sanjymyň iki dozada hem gowy geçendigini belledi.
Şeýle-de, kompaniýada netijelilik görkezijisini we koronawirusdan goragyň dowamlylygyny anyklamak üçin goşmaça maglumatlaryň ýygnaljakdygy we goşmaça derňewiň geçiriljekdigi bellenildi.
Habarda AstraZeneca-nyň sanjymy bellige almak üçin dürli ýurtlaryň gözegçilik edaralaryna resminama tabşyrmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar. Kompaniýa pes girdejili ýurtlarda derman serişdesine elýeterliligi üpjün eder ýaly, sanjymy gyssagly ulanyş sanawyna goşmak üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna hem resminama tabşyrar.
Britaniýanyň farmaseptik kompaniýasy AstraZeneca Oksford uniwersiteti bilen bilelikde koronawirusa garşy sanjymynyň 3 milliard dozasyny öndürmegi we indiki ýylyň ahyryna çenli ony tutuş dünýäde elýeterli etmegi meýilleşdirýär.