Daniil Medwedew ATP-niň Jemleýji ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 23.11.2020 12:58
  • 6.9k+

Rus tennisçisi Medwedew tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) Jemleýji ýaryşynda ýeňiji boldy. Bäsleşik Londonda geçirildi.

Jemleýji oýunda Medwedew 4:6, 7:6 (7:2), 6:4 hasabynda dünýäniň üçünji raketkasy bolan awstriýaly Dominik Timden üstün çykdy. Finala barýan ýolda tennisçileriň ikisi-de ATP-niň reýtinginiň ilkinji iki setirini eýeleýän serb Nowak Jokowiçi we ispaniýaly Rafael Nadaly ýeňdiler. Medwedew toparçada dünýäniň ilkinji raketkasy Jokowiç bilen, ýarym finalda Nadal bilen duşuşdy. Ol Tim bilen bäş oýun oýnady, olaryň üçüsinde awstriýaly tennisçi ýeňiş gazandy.
24 ýaşly Medwedew üçin bu Jemleýji ýaryşda birinji ýeňiş boldy, ol ýaryşa ikinji gezek  gatnaşýar. Geçen ýyl ol üç oýunda-da utulyp, toparçasynda dördünji orny eýeledi. Bu möwsümde bolsa ol toparçadaky duşuşyklaryň üçüsinde hem ýeňiş gazandy.
Medwedew dünýä reýtinginde dördünji orunda durýar we ATP-niň dokuz sany titulyna eýe.


01.02.2026 22:16
2.4k+

Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy

Ispaniýaly Karlos Alkaras möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 2:6, 6:2, 6:3, 7:5 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňşiniň netijesinde 22 ýaşly Alkaras taryhda «Karýera Uly tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy...

01.02.2026 09:09
2.9k+

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy

Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy...

31.01.2026 09:29
2.9k+

Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar

Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň lideri Karlos Alkaras Australian Open ýaryşynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly tennisçi ýarym finalda Germaniýadan dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewi utdy...

26.01.2026 17:22
4.5k+

Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi

Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşa çenli türgen gyzlaryň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi we dünýäniň 17 ýurdundan türgenleri jemledi...