Dünýäniň iň ygtybarly awtoulaglarynyň sanawy düzüldi

  • 22.11.2020 20:10
  • 18k+

Amerikanyň «Consumer Reports» žurnalynyň analitikleri dünýäniň iň ygtybarly awtoulag öndürýän markalarynyň reýtingini düzdüler. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy mümkin bolan 100-den 83 bal toplap, sanawda birinjiligi eýeleýär. Hünärmenleriň pikiriçe, onuň iň ygtybarly modelleri: MX-5 Miata, CX-30, CX-3.
Reýtingde ikinji orny Toyota markasy (74 bal) eýeleýär. Hünärmenler “Prius”, “Corolla” we “Prius Prime” modellerini aýratyn öňe tutýarlar. Üçünji orunda 71 bal toplan Lexus ýerleşýär. Analitikleriň pikirine görä, onuň iň ygtybarly modellerine UX, NX we GX degişli.
Şeýle hem ilkinji onluga Buick, Honda, Hyundai, Ram, Subaru, Porsche we Dodge ýaly awtoulag öndürijileri girdi.
Bu reýtingiň soňky bir ýylda öz awtoulaglarynda ýüze çykarylan kemçilikler barada barlagçylara habar beren 330 müň sürüjiniň maglumatlaryna esaslanýandygy nygtalýar.

şu gün 10:36
541

Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz

Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy. Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy...

düýn 14:19
4.6k+

Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar

Hyundai Motor Group täze Elantra we Tucson modellerinde PLEOS Connect atly multimedia ulgamyny hödürlär. Bu kompaniýanyň «programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar» (SDV – software-defined vehicle) üçin niýetlenen ilkinji özboluşly programma platformasydyr...

düýn 13:41
4.6k+

Audi ilkinji gezek Gün benzininde synag edildi

Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy ilkinji gezek awtoulagda sintetiki Gün ýangyjyny ulandy. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu özboluşly benzinde ilkinji bolup 1985-nji ýylda öndürilen meşhur «Audi Sport Quattro» modeli sürlüp görüldi...

düýn 13:27
4.6k+

BMW M2 CS Nýurburgring ýaryş ýolunda ykjam awtoulaglaryň arasynda rekord goýdy

«BMW M2 CS» köpçülikleýin öndürilýän ykjam awtoulaglaryň arasynda Nýurburgring ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Kupe görnüşli awtoulag 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 25,5 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, ýoly 7 minut 30 sekuntdan gysga wagtda geçmegi başaran ilkinji ykjam awtoulag boldy...