Gurban Berdiýew türkmen futbolynyň ösüşine baha berdi

  • 21.11.2020 18:45
  • 13k+

Türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew  Türkmenistanyň futbol infrastrukturasynyň ösüşine ýokary baha berdi. Şeýle hem sport desgalaryny gurmak babatda Russiýa biziň ýurdumyzdan görelde almaly diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

«Türkmenistanda ýurduň Prezidentiniň özi futbol bilen, umuman, sport bilen gyzyklanýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň üsti bilen ýurduň tutuş çäginde futbol infrastrukturasyny döretdik. Her sebitde dürli ýaşdaky toparlar döredildi - özi-de mugt! Ene-atalar hiç zat tölemeli däl. Ine, biziň döreden zadymyz we ol öz netijesini berýär, ol häzir hereketde. Men Russiýada hem edil şeýdip başlamak gerek diýip hasap edýärin. Tapgyrlaýyn. Dessine nähilidir bir karara kabul edip bolmaýar"- diýip, Berdiýew tanymal teswirleýji Gennadiý Orlow bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.

düýn 21:24
7k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
3.3k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
2.1k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
4.1k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...