People’s Choice Awards ýylyň esasy filmini belli etdi

  • 17.11.2020 23:02
  • 6k+

Baş rollary Uill Smit bilen Martin Lourensiň ýerine ýetirmeginde “Ýaramaz ýigitler baky” atly komediýa görnüşindäki film People’s Choice Awards amerikan baýragynyň garaýşy boýunça, ýylyň filmi boldy diýip, Deadline portaly habar berýär. Muny RIA Nowosti belläp geçýär.

1995-nji we 2003-nji ýyllaryň hitleriniň dowamy bolan “Ýaramaz ýigitler baky” 15-nji ýanwarda çykdy. Bu filmiň býujeti 90 mln dollara, dünýä prokatynda girdeji ýygymy 426,5 mln dollara barabar boldy.

“Iň gowy komediýa” nominasiýasynda “Posalaryň budkasy – 2” filmi ýeňiji boldy. “Gamilton” iň gowy drama filmi, maşgala bolup tomaşa etmek üçin iň gowy kino “Öňe” multfilmi boldy. “Hyjuw anatomiýasy” “Iň gowy serial” nominasiýasynda ýeňdi, “Riwerdeýl” iň gowy drama teleserialy boldy, hyýaly seriallaryň arasyndan “Waýnona Erp” baýrak aldy.

Uill Smit iň gowy aktýor, Tiffani Heddiş iň gowy aktrisa diýlip yglan edildi. Jennifer Lopes “Icon Award” ýörite baýraga mynasyp boldy. Aýdym-saz kategoriýasynda BTS (ýylyň topary) ýeňiji boldy, olaryň “Dynamite” aýdymy iň gowy aýdym we iň gowy aýdym-saz wideosy baýragyna mynasyp boldy, “Map of the Soul: 7” albomy bolsa ýylyň albomy boldy. Jastin Biber bilen Ariana Grande ýylyň artisti diýlip yglan edildi.

People’s Choice Awards baýragy tomaşaçylaryň ses bermegi esasynda pop-medeniýet işgärlerine berilýär. Ol 1975-nji ýyldan bäri gowşurylýar, 2005-nji ýyldan bäri ses berme onlaýn görnüşinde geçýär.

düýn 23:58
1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.5k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....