Mikki Maus ekranlara gaýdyp gelýär

  • 14.11.2020 11:26
  • 10k+

“Disney +” YouTube kanalynda “Mikki Mausyň ajaýyp dünýäsi” atly täze multiserialyň treýleri peýda boldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Onuň “Disney +” YouTube kanalyndaky premýerasy 18-nji noýabrda - meşhur syçanjygyň doglan gününde bolar. Uolt Disneýiň bu tanymal gahrymanynyň döredilenine ine şol gün 92 ýyl bolýar.
Iki sany gysga metražly film her anna güni ekrana çykar. Olaryň hersiniň dowamlylygy 7 minut bolar. Tomaşaçylar ekranlarda Mikki Mausdan başga-da, Minni Maus we dostlary - Donald Dak, Gufi, Pluto we Deýzi Dak ýaly söýgüli gahrymanlaryny görüp bilerler.
Sýužete laýyklykda, multfilm gahrymanlary "Disneýiň jadysynyň mümkin däl zatlary hem mümkin edýän" ülkesine syýahata gidýärler diýip, ET Canada ýazýar. Treýlerden çen tutsaň, multfilmde wakalar adaty durmuşda-da, hyýaly dünýäde-de ýüze çykýar.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......