Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi

  • 13.11.2020 23:00
  • 56k+

Lebap welaýatynyň Saýat şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy Hemra Babaýew bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar bolan hyýar ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär. Bu barada Jeyhun news habar berýär.

Hemra Babaýew etrabyň 3-nji "Şöhle" çagalar bagynda ýeňil iş bejeriş ussasy bolup işleýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol aýaly Zöhre Babaýewa bilen Saýat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli ýerden 20 sotok bölek ýer alyp, onda miweli bagy dikeltmek barada şertnama baglaşypdyr. Häzir ol bu ýerden gowy hasyl alýar. Är-aýalyň bagynda armyt, ülje, injir, erik, garaly, çereşnýa ýaly agaçlaryň 100 düýp gowragy ösýär. Agaçlaryň aşagynda uly bolmadyk ýer böleginde bolsa pomidor, badamjan, hyýar, ýer tudanasyny hem ýetişdirýär.
Bu ýyl hyýaryň biýarasynyň bir goly çyrmaşyp, mal agylynyň üstüne çykypdyr. Hemra Babaýew muňa känbir ähmiýet hem bermändir. Bir gezek onuň uly ogly Merdan agylyň üstüne çykyp, kakasyna ol ýerde täsin ululykdaky üç sany hyýaryň ösüp durandygy barada aýdypdyr. Hemra aga oňa degmezligi, ýene-de birazajyk garaşyp, näme boljagyna garaşmagy teklip edipdir. Şeýlelikde üç hyýary oktýabr aýynyň 30-ynda ýolupdyrlar. Onuň tohumynyň ýere sepileninden ýolunýança, ýedi aý töweregi wagt geçipdir.

— Biz bu ekine ýörite garaşyk etmedik. Onuň biýarasy ýer tudanasy ekilen joýada gögerdi. Şonuň üçin hem oňa ýer tudanasyna beren dökünlerimiz berdik — diýip, Hemra Babaýew gürrüň berýär.

Ol ekine mineral dökünlerden başga, çüýredilen ders beren eken. Är-aýalyň ikisi hem şeýle äpet hyýarlaryň nädip ýetişendiklerine özleri hem haýran galýarlar. Ony tebigatyň gudraty diýip hasap edýärler. Ýöne geçen ýyl hem, bu ýylkysy ýaly bolmasa-da, uly hyýaryň ýetişendigini aýdýarlar.
Ginnesiň rekordlar kitabyna giren dünýäde iň uly hyýary Beýik Britaniýaly Alf Kobb ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren hyýarynyň uzynlygy 92 santimetre, agramy bolsa 12,5 kilograma ýetdi.

düýn 11:00
4.6k+

Rubensiň 400 ýyl bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,9 million ýewro satyldy

Meşhur flamandly suratkeş Piter Paul Rubensiň dört asyr töweregi wagt bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,94 million ýewro satyldy diýip, “Parisien” gazeti habar berýär. “Ýekşenbe güni Piter Paul Rubensiň “Haçdaky Isa” kartinasy Wersaldaky Osenat öýünde geçen auksionda komissiýa tölegi bilen birlikde 2 940 798 ýewro satyldy” – diýip, neşir habar berýär...

düýn 10:46
3.2k+

"Cahiers du Cinéma" neşiri 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filmini yglan etdi

Kino hakyndaky abraýly fransuz neşiri bolan “Cahiers du Cinéma” 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filminiň sanawyny çap etdi. Žurnalistler birinji orny “Lýudowik XIV-niň ölümi” we “Adalardaky jebirler” atly filmleriň döredijisi bolan ispaniýaly režissýor Albert Serranyň “Ýalňyzlyk günleri” (“Дни одиночества”) atly dokumental filmine berdiler...

düýn 10:36
4.3k+

Apple 1-nji nesil iPhone SE smartfonyny we beýleki käbir enjamlaryny könelenleriň hataryna goşdy

Apple könelen (Obsolete) enjamlaryň sanawyny täzeledi. Indi oňa resmi taýdan iPhone SE smartfony (1-nji nesil) we beýleki käbir enjamlar: 12,9 dýuýmlyk iPad Pro (2-nji nesil), Hermes we Nike wersiýalarda Apple Watch Series 4 sagady, şeýle-de Beats Pill 2...

düýn 10:12
3.5k+

Aýwazowskiniň “Diri galanlar” kartinasy Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy

Iwan Aýwazowskiniň “Diri galanlar” (“Выжившие”) atly eseri Londondaky Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy. Bu baha suratkeşiň auksionda satylan eserleri üçin rekord boldy. “Diri galanlar” eseri 25-nji noýabrda “Faberže, imperiýa we rewolýusiýa döwrüniň sungaty” atly auksionynda görkezildi...