Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar

  • 12.11.2020 23:33
  • 8.1k+

“Deadline”-iň ýazmagyna görä, serialda baş keşplerde Arnold Şwarseneggerden başga-da, “Lethal Weapon” şüweleňi arkaly tanalýan Monika Barbaro hem çykyş eder. Bu barada RBK habar berýär.

Serialyň sýužeti häzirlikçe gizlin saklanýar, ýöne onuň kakasy bilen gyzynyň başdan geçirmeleri hakda boljakdygy aýdylýar. Filmiň çykaryljak senesi hem heniz nämälim.
Filmiň ssenarisini “The Sopranos" hem-de "Escape” filmlerinde işlän we häzirki wagtda Jek Riçer (Iňlis ýazyjysy Li Çaýldyň romanynyň gahrymany) hakyndaky serialyň düşürilişine gatnaşýan Nik Santora ýazýar.
Şwarsenegger diňe bir baş keşbi janlandyrmak bilen çäklenmän, seriala prodýusserlik hem eder. Aktýor 1994-nji ýyldaky “True Lies” filminde içalynyň keşbini janlandyrypdy. Şeýle hem, ol 2019-njy ýylda “Terminator: Dark Fate” fantastik filminde Skydance bilen hyzmatdaşlyk edipdi.
Bilşimiz ýaly, Arnold Şwarsenegger Jeýms Kemeronyň “Terminator” filminiň meşhur aktýory. Ol kino älemine sport gurşawyndan geldi: Şwarsenegger - bodibilding boýunça baýraklaryň ençemesiniň ýeňijisi we ýedi gezek "Jenap Olimpiýa", şeýle hem "Arnold Klassik" ýaryşynyň guramaçysy hökmünde ykrar edildi.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......