Hytaý 6G synagy üçin dünýäde ilkinji hemrany uçurdy

  • 08.11.2020 23:31
  • 9.1k+

Hytaý dünýäde altynjy nesil (6G) aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji synag hemrasyny Ýeriň orbitasyna çykardy. Hemra Taýýuan kosmodromyndan uçuryldy we onuň bilen ýene 12 hemra orbita iberildi diýip, BBC salgylanyp, Vz.Ru ýetirýär.

Barlag tehnologiýasy terahert ýygylygynda synagdan geçiriler. Mundan başga-da, emeli hemrada ekinlere we tokaý ýangynlaryna gözegçilik etmek tehnologiýalary bar.
Telekommunikasiýa senagatynyň henizem 6G spesifikasiýalary barada belli bir pikire gelmekden uzakdadygy, şonuň üçin synag edilýän tehnologiýanyň standart boljakdygyna kepilligiň ýokdugy bellenilýär.
Sentýabr aýynda Skolkowo ylym we tehnologiýa institutynyň alymlary hem şuňa meňzeş täze tehnologiýany işläp düzdüler we Russiýada 6G ulgamy üçin komponentleri ösdürmäge mümkinçilik berýän enjamy döretdiler.

şu gün 00:17
332

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
824

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.6k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......