TYA-nyň golýazmalar institutynyň taslamasy ABŞ-nyň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 06.11.2020 19:28
  • 9.4k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasy ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edildi. Düýn wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen dabarada instituta degişli pul sylagy gowşuryldy.

Ylymlar akademiýasynyň we Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.
Bölünip berilýän serişdeler orta asyr golýazma we köne neşir kitaplaryny rejelemek boýunça taslamany maliýeleşdirmäge hem-de surat nusgalaryny aýap saklamak üçin maglumatlar toruny döretmäge gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, bu işleriň geçirilmegi golýazma we köne neşir kitap gaznalarynyň goralyp saklanylmagyny üpjün eder, giň okyjylar köpçüligi üçin bu täsin neşirlere elýeterliligi artdyrar. Elektron kitaphananyň döredilmegi bolsa dürli ugurlarda alymlaryň we hünärmenleriň özara hereketlerini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Dört ýylyň içinde 80 sany golýazma, köne neşir kitaplarynyň abatlanylmagy hem-de aýalyp saklanylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu halkara maksatnama boýunça 2007-nji we 2008-nji ýyllarda bölünip berlen pul serişdeleri boýunça gadymy golýazma kitaplaryň 100-den gowragynyň abatlanylandygyny bellemek gerek.
Geljekde institut golýazmalar bilen bir hatarda, häzirki zamanyň ylmy usullaryny ulanmak arkaly litografik gaznalary aýap saklamak we olary rejelemek işlerini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ugurlarda tejribe alyşmak maksady bilen, ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......