«Türkmenaragatnaşyk» domen atlaryny we web sahypalaryny bellige almagyň tertibine üýtgetmeleri girizdi

  • 05.11.2020 07:55
  • 6.8k+

Türkmenistanda ".TM" domen zolagyndaky domen atlaryny we ýokary derejeli web sahypalaryny hasaba almagyň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi ("Türkmenaragatnaşyk" Agentliginiň Başlygynyň 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabryndaky 105 belgili buýrugy).

Hususan-da, Buýrugyň 13-nji maddasy domen adyny hasaba alyş şahadatnamasynyň berilmegini göz öňünde tutýan 3-nji goşundy bilen üsti ýetirildi. Peýdalanyjy bilen Milli bellige alyjynyň arasynda şertnama baglaşylyp, domen ady barada degişli maglumatlar maglumatlar goruna (reýestre) girizilip, şahadatnama berlenden soň, domen ady bellige alnan diýlip hasaplanylýar.
Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda 1404 belgi bilen bellige alyndy.
Resminama bilen dolulygyna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumat merkezinde tanyşmak mümkin.

şu gün 08:49
6

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

düýn 23:54
1.7k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.8k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
1.2k+

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....