Ahalteke bedewlerini we türkmen alabaýyny ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak meseleleri maslahatlaşyldy

  • 03.11.2020 16:24
  • 5.6k+

2-nji noýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar, diýip Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň barşynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garaldy, şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek baradaky hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda bagşyçylygyň saz — şygryýet sungatynyň iň gadymy hem-de özboluşly ýörelgeleriniň biridigi bellenildi.
Türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girmek meýilnamalary barada habar berdi, munuň özi medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, öz çäkleriniň durnukly ösdürilmegine maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işleriň ýola goýlandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hukuk kemsidilmelerine garşy göreş hakynda, medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak we höweslendirmek hakynda hem-de ýokary bilim babatda hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ÝUNESKO-nyň konwensiýalaryna goşulmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisiniň barşynda şeýle hem sanly ulgam taslamalarynda maglumatlary alyşmak hem-de beýleki möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 23:12
828

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......