Hazar deňzi instituty Halkara ummanlar instituty bilen duşuşyk geçirdi

  • 01.11.2020 15:57
  • 5.4k+

Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp guralan onlaýn duşuşyga IOI-niň we Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Hazar deňzini dolandyrmak meselelerine üns berildi, hususan-da, bu täsin deňiz babatda halkara deňiz konwensiýalaryny ulanmak, halkara deňiz hukugy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ony öwrenmegiň meselelerine garaldy.
Halkara ummanlar institutynyň okuw maksatnamalary, guraýan okuwlary hem-de uçurymlaryň hünär okuwynyň dowam etdirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 18:36
3.1k+

Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy

Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär...

düýn 18:27
721

Collins sözlügi “Waýb-kodingi” ýylyň sözi hökmünde saýlady

Vibe coding (“waýb-koding”) adalgasy iňlis diliniň sözlügi Collins tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi diýlip saýlandy. Sözlükde bu sözüň emeli aňyň gündelik durmuşa we hünär işine artýan täsirini görkezýändigi bellenilýär...

düýn 18:04
2k+

GTA VI-nyň relizi ýene süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň noýabrynda çykar

Grand Theft Auto VI wideooýnunyň relizi ýene süýşürildi – oýun indi 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda çykar. Bu barada Rockstar Games-iň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berildi. Işläp düzüjiler taslamany doly işläp gutarmak üçin köp wagtyň gerek boljakdygyny belledi...

düýn 18:00
1k+

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli «Wagzy-Azat» kitabynyň türk dilindäki nusgasy tanyşdyryldy

6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi...