Awtoulag kärhanalar toplumy we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi açyldy

  • 31.10.2020 19:26
  • 17k+

“Aşgabat-Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda, Aşgabadyň halkara awtoterminalynyň golaýynda Awtoulag kärhanalar toplumy we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi açyldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy boýunça «Weli Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan Toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.
Bu ýerde 150 orunlyk naharhana, ýangyn söndüriji beket, awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýa, 1800-e golaý awtobusa, 800 taksä niýetlenen bassyrmalar, 4 sany hyzmat ediş hem-de tehniki dispetçer nokatlary, awtotürgenleşik meýdançasy bar.
Toplumda halkara ölçegleriniň ýokary talaplary, hereket howpsuzlyk kadalary we bu edaralaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar göz öňünde tutuldy.

şu gün 09:57
1.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

şu gün 07:52
1.6k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

düýn 23:53
1.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

düýn 20:03
4.2k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......