Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2022-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň üstünde işleniler

  • 31.10.2020 05:09
  • 6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Öwezowa Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu taslama özüne bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, sanly bilimi hem-de saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmak, «Elektron Hökümet» ulgamyndan doly peýdalanmak, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek wezipelerini birleşdirýär. Şeýle hem onda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň anyk möhletleri bellenildi.
 

Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, «Elektron Hökümet» ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegini göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.
Sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Ol biziň gündelik durmuşymyza hem-de işimize ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerimizi giňeldýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bolup geçýän özgerişlikler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryşyň kämil nusgalary peýda bolýar. Biz ýurdumyzyň bu ulgamda döwür bilen deň gadam urmagyna uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, maglumatlary geçirmek ulgamyny, kommunikasiýalar düzümini ösdürmek wajypdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......