Aşgabadyň merkezinde ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplum açyldy

  • 29.10.2020 15:10
  • 15k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy.

Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.
Şeýlelikde, S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde özboluşly kub görnüşindäki «Mahabat» binasy oturdylyp, onuň boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguz hanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler. Binanyň 5 metrlik sütünini hasaba almak bilen, onuň umumy beýikligi 21 metre barabardyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek türkmen telekeçilerine ynanyldy.

şu gün 20:47
945

Şef-aşpez Jeými Oliwer dünýädäki iň uly aşpezlik sapagyny geçirdi

Meşhur britaniýaly şef-aşpez, restorator, teleýaýlym alyp baryjysy, öýde nahar taýýarlamagy we sagdyn iýmitlenmegi wagyz ediji Jeými Oliwer täze dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda iň köp gatnaşyjyly aşpezlik sapagyny geçirdi...

şu gün 20:45
648

ByteDance ABŞ üçin TikTok-yň we CapCut-yň aýratyn wersiýalaryny çykarar

Hytaýyň ByteDance kompaniýasy diňe bir TikTok sosial ulgamynyň däl, eýsem CapCut wideoredaktorynyň aýratyn wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Olar diňe ABŞ-daky ulanyjylara gönükdiriler diýip, Business Insider habar berýär...

şu gün 20:43
448

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi...

şu gün 18:45
1.1k+

Mattel kompaniýasy 1-nji görnüşli süýjüli diabetli «Barbie» gurjagyny çykardy

Mattel kompaniýasy taryhda ilkinji gezek 1-nji görnüşli diabetli (süýji kesel) Barbie gurjagyny hödürledi diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Täze gurjak «Breakthrough T1D» atly täjirçilik däl gurama bilen bilelikde taýýarlanyp, ol çagalaryň özleri bilen oýunjaklaryň arasynda bir umumylyk tapyp bilmegi üçin döredilipdir...