«Ýewrowideniýe-2021-de» 41 döwletiň wekilleri çykyş eder

  • 27.10.2020 20:59
  • 7.4k+

Rotterdamda geçiriljek dünýä derejesindäki aýdym-saz bäsleşigine 41 ýurduň wekilleri geler diýip, bäsleşigiň metbugat gullugy ýaryşyň resmi web sahypasynda ýazýar. Bu barada Sputnik gullugy habar berýär.

«Elimizdäki sanaw 2020-nji ýyl üçin düzülen sanaw bilen birmeňzeş, biz olaryň hemmesiniň indiki ýyl dolanyp geljekdigine begenýäris» diýip, «Ýewrowideniýäniň» ýerine ýetiriji direktory Martin Osterdal belleýär.

Şeýle hem, ol gözden geçirişiň bäsleşige gatnaşyjylaryň, guramaçylaryň, metbugat wekilleriniň we myhmanlaryň saglygyny üpjün etmek üçin ýörite protokoly işläp düzýändigini aýtdy.
Belarus, Russiýa, Ukraina, Latwiýa, Litwa, Polşa «Ýewrowideniýe-2021-ä» gatnaşjakdygyny tassykladylar. Şeýle hem yglan edilen bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda Albaniýa, Ermenistan, Awstraliýa, Awstriýa, Azerbaýjan, Belgiýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Kipr, Çehiýa, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gruziýa, Gresiýa, Islandiýa, Irlandiýa, Ysraýyl, Italiýa, Malta, Moldowa, Niderlandlar, Demirgazyk Makedoniýa, Norwegiýa, Portugaliýa, Rumyniýa, San-Marino, Serbiýa, Sloweniýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa we Angliýa bar.
2020-nji ýyldaky aýdym-saz bäsleşigi düýbünden ýatyrylmady, diňe görnüşini üýtgetdi. Ol onlaýn tertipde geçirildi, çykyşlardan soň adatdaky ýaly ses berilmedi, şonuň üçin ýeňiji hem bolmady. Guramaçylar koronawirus pandemiýasy sebäpli şeýle çäreleri görmeli boldular.
«Ýewrowideniýe-2021» Gollandiýada geçiriler. Aslynda, Rotterdam bu ýaryşy 2020-nji ýylda kabul etmelidi. Şonuň üçin bäsleşigiň şygary hem öňküligine galdy: "Open up!" ("Açyl!").
Ýarym final ýaryşlary 18-nji we 20-nji maýda, Grand-final bolsa 22-nji maýda Rotterdamdaky Ahoý köpugurly meýdançasynda geçiriler.

düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....