Türkmenistanda howply ýokanç keselleriň öňüne ygtybarly böwet goýuldy — Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 21.10.2020 15:49
  • 23k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda N.Amannepesow arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi.
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň yzygiderli işi ýola goýuldy. Şu wagta çenli bu toparyň mejlisleriniň 71-si geçirildi.
Ýurdumyza bu keseliň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, hassahanalarymyz ýokary taýýarlykly iş düzgünine geçirildi. Saglygy goraýyş işgärleri üçin ýörite taýýarlyk okuw-sapaklary geçirildi.
Ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin ýurdumyz boýunça paýtagtymyzda we welaýatlarda 19 sany barlaghana hereket edýär. Bu barlaghanalar Günorta Koreýa, Şweýsariýa, Germaniýa we Türkiýe döwletlerinden getirilen anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümleri bilen ulgamlaýyn üpjün etmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde derman serişdeleri satyn alyndy we ýurdumyza getirilip, bu keseliň öňüni almak maksatlary üçin ulanyldy.
Mundan başga-da, möwsümleýin dümew keseline garşy waksinanyň 240 müň dozasy ýurdumyza getirildi hem-de ilatymyzyň töwekgel toparlarynyň arasynda sanjym işleri geçirildi we bu işler dowam edýär. Agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini hem-de lukmanlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürmek ýola goýuldy.
Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde koronawirus ýokanjynyň täze tapgyrlarynyň möwç alýan mahalynda bu kesele garşy alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ilatyň şahsy gigiýenanyň, agyz-burun örtügini dakynmagyň we araçägi saklamagyň düzgünlerini pugta berjaý etmekleri üçin düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.
Dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus ýokanjynyň täzeden möwç almagy ynjalyksyzlyk döredýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Giň gerimli hem-de maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde howply ýokanç keselleriň öňüne ygtybarly böwet goýuldy, olaryň öňüni almak babatda görülýän netijeli çäreler bolsa keseliň aralaşmak howpuny ep-esli azaldýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwletiň çägine gelmegi, ýurduň içinde hereket etmegi çäklendirýän öňüni alyş çäreleri, örtügiň dakynylmagy, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlar edaralarynyň wagtlaýyn ýapylmagy, awiasiýanyň kömegi bilen uly çäkleriň zyýansyzlandyryş erginleri bilen işlenilmegi, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýörite niýetlenen ýerleriň döredilmegi hem-de beýleki möhüm çäreler oňyn netijesini berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pandemiýanyň ilkinji günlerinden ýokanjyň diňe bir howa-damja ýoly arkaly däl, eýsem, howa-meýdan arkaly hem ýaýraýandygy baradaky çaklama aýdyldy we ol tassyklanyldy. Munuň özi ýokanjyň çägini ep-esli giňeldýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagy, howpsuz aralygy saklamagy, elleri zyýansyzlandyrmagy, beden gyzgynyna gözegçilik etmegi, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guramagy hem-de düşündiriş, wagyz ediş çärelerini geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.

24.05.2026 23:22
2.6k+

Alymlar hapa suwlarda düwnük dörediji wiruslary tapdylar: indi olary yzarlamak kyn bolmaz

Beýlor lukmançylyk kollejiniň we Tehas uniwersitetiniň alymlary taryhda ilkinji gezek şäherleriň hapa suwlarynyň içinde adamlarda howply çişleriň döremegine sebäp bolýan esasy wiruslaryň hemmesini birden......

23.05.2026 21:04
1.9k+

The Lancet: Dünýäde tas 1,2 milliard adam psihiki bozulmalardan ejir çekýär

Dünýäde diagnoz goýlan psihiki bozulmalaryň sany 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 95,5% artdy, şeýle ýagdaýlaryň umumy sany bolsa 1,17 milliarda ýetdi. Bu maglumatlar «The Lancet» atly abraýly......

23.05.2026 10:34
1.8k+

Arheologlar Şotlandiýada altyndan ýasalan iň gadymy diş protezleriniň birini tapdylar

Aberdin uniwersitetiniň alymlary Şotlandiýada altyn simden ýasalan seýrek diş protezini tapdylar. Çaklamalara görä, bu protez baryp XVI asyrda ulanylypdyr. Bu tapyndy Aberdindäki Keramatly Nikolaýyň......

20.05.2026 12:06
10k+

Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy....