Dutar Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girip biler

  • 18.10.2020 14:19
  • 4.1k+

“Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy.

Şol hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar.
Ady agzalan gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin halkara kadalara laýyklykda, hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Mundan öň, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

şu gün 17:04
598

Käsiniň çyndygyna ynanmasy kyn: höwesjeňleriň ýabany tebigatda düşüren naýbaşy suratlary

reFocus baýragynyň guramaçylary “Ýabany tebigatyň höwesjeň suratlary” kategoriýasynda 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Gysga sanawa dünýäniň dürli künjeklerinde — Antarktidadan we Afrikadan Aziýa, Arktika we Amerika çenli düşürilen suratlar girýär...

şu gün 16:02
214

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi...

şu gün 15:39
2.4k+

Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär...

şu gün 15:24
1.4k+

Türkmen heýkeltaraşy Babasary Annamyradowyň we Abat Muhadowanyň şahsy kolleksiýasy görkezildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň we onuň ýanýoldaşy, sungaty öwreniji Abat Muhadowanyň maşgala kolleksiýasyndan ybarat sungat eserleriniň sergisi geçirildi...