Russiýada COVID-19-a garşy üçünji sanjym bellige alynar

  • 16.10.2020 15:00
  • 5.7k+

Rospotrebnadzoryň ýolbaşçysy Anna Popowa Russiýa Federasiýasynda koronawirusa garşy üçünji sanjymyň bir aýdan bellige alnyp bilinjekdigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Russiýa Federasiýasynyň COVID-19-a garşy iki sanjymy bar, üçünji sanjymyň hem bir aýdan bellige alynjakdygyny aýdyp bilerin” – diýip, Popowa belleýär.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi awgustda Gamalei adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkezi tarapyndan döredilen we Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy bilen bilelikde öndürilen “Sputnik V” atly ilkinji sanjymy bellige alypdy.
14-nji oktýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “Wektor” döwlet ylmy merkeziniň döreden koronawirusa garşy sanjymynyň bellige alnandygyny habar berdi, sanjyma “EpiWakKorona” ady berildi.
6-njy oktýabrda Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň M.P.Çumakowa adyndaky barlaglar we immunobiologiki serişdeleri taýýarlamagyň Federal ylmy merkezi hem koronawirusa garşy öz sanjymynyň kliniki synaglaryna başlandygyny habar berdi.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....